2 — 7-nji iýun aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa bu halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden geçirilýändigini, olaryň Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.