Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň «Hor Tureskogo» aýdym-saz topary 31-nji maýda Aşgabatda iki konsert bilen çykyş eder

13:3729.05.2025
0
16195

Bütin dünýäde meşhur bolan Russiýanyň «Hor Tureskogo» aýdym-saz toparynyň 31-nji maýda Aşgabatda çykyş etjekdigi barada Turkmenportal saýty Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine salgylanmak bilen habar berýär.

Konsertler Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sagat 16:00-da we 19:00-da geçiriler. Giriş çakylyk biletleri boýunça amala aşyrylýar.

Russiýanyň halk artisti Mihail Tureskiýniň ýolbaşçylyk edýän aýdym-saz topary geçen ýylda Aşgabatda çykyş edipdi. Şonda bu aýdym-saz toparyň 30 ýyldan gowrak taryhynda ilkinji gezek türkmenleriň halk aýdymyny – «Bibijan» aýdymyny ýerine ýetiripdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertler doly anşlag bilen geçip, ýagny tomaşa zaly dolup, iki sagatdan gowrak dowam edipdi.

1990-njy ýylda döredilen «Hor Tureskogo» aýdym-saz topary özboluşly repertuary we aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirişleri bilen tanalýar. Topar özüne çekiji çykyşlary hem-de aýdymçylarynyň ses mümkinçilikleriniň giň diapazony bilen dünýäniň köp ýurtlarynda millionlarça aýdym-saz muşdaklarynyň söýgüsini gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň