Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy

10:3630.05.2025
0
15188
Aşgabatda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurduň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabara ýurduň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdylar. Olar sahnada öz başarnyklaryny görkezip, çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar.

Festiwal Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Ýurdum meniň Bitarap» atly watançylyk mazmunly aýdym bilen açyldy.

«Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly ýaş zehinleriň mümkinçiliklerini açmak, tejribe alyşmak we ýaşajyk artistleriň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp meýdança öwrüldi. Tomaşaçylar «Çagalar biziň şatlygymyz» atly edebi-sazly kompozisiýany uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Soňra Ýaşlar simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlar ýaňlandy. Olar birleşen çagalar horunyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary bilen utgaşyp, sahnada özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi. Milli aýdym-sazlar bilen bir hatarda, ýaşajyk artistler meşhur daşary ýurt eserlerini hem höwes bilen ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar nusgawy we meşhur filmlerdäki sazlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Festiwal ýene birnäçe günüň dowamynda aýdym-sazyň dürli žanrlary we görnüşleri bilen tomaşaçylary begendirmegi dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň