Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyna» 517 adam gatnaşdy

11:4231.05.2025
0
25429

31-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda üstünlikli geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 2025-nji ýylyň Ýewropa güni mynasybetli guraldy. Köpçülikleýin sport çäresine 517 adam gatnaşdy.

Ýaryş Garaşsyzlyk seýilgähiniň daş-töwereginden ylgamak bilen geçirildi. Ol irden sagat 07:00-dan 11:00-a çenli dowam etdi. Ylgawyň başlanýan we tamamlanýan nokady Türkmenbaşy şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň kesişýän ýerinde ýerleşdi.

Guramaçylar dürli ýaş toparlary üçin üç tapgyrly aralygy göz öňünde tutdylar: 2 km aralyga ylgaw 16 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenip, ol ýanlarynda uly ýaşlylaryň bolmagynda geçirildi, 5 km we 10 km aralykdaky ylgawlar bolsa 16 ýaşdan uly gatnaşyjylar üçin guraldy.

Sport çäresine gatnaşyjylar üçin zerur infrastruktura döredildi: çagalar üçin ýörite naharlanyş zolagy, 5 km we 10 km aralyga ylgaýanlar üçin suw içmek nokatlary we gök-miwe önümleri bilen iýmitlenmek meýdançalary guraldy.

Ýeňijiler we çäre işjeň gatnaşanlar baýraklar hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Çäräniň maksatnamasynda şadyýan ýaryşlar we sport bäsleşikleri hem göz öňünde tutuldy, olar baýrama aýratyn şowhun çaýyp, ajaýyp gurşaw bilen doldurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň