Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Yupekchi kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde ýene-de hemmeleriň üns merkezinde

10:1524.05.2025
0
5847

Türkmenistanda halkara sergileriň hemişelik we öňden gelýän gatnaşyjysy bolan Yupekchi hojalyk jemgyýeti «Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisinde öz önümlerini ýene-de görkezişe çykarýar. Kompaniýanyň diwarlygy alkogolsyz içgileriň giň görnüşleri bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär we şol bir wagtda olaryň dürli tagamly görnüşlerini hödürleýär.

Görkezişe çykarylýan brendleriň hatarynda Bold, Bulvar, 7gen, Softea, Näzli, Hoşal, Hoşal kids, Pokgi, Real we Buzz bar. Yupekchi kompaniýasynda Real Cola içgisiniň tagamyny gowulandyrandyklaryny belläp geçdiler, bu sarp edijilerde oňyn seslenmä eýe boldy.

Içgileriň dürlüligi Yupekchi kompaniýasynyň sarp edijileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmaga ymtylýandygyna, nusgawy we innowasion tagamlary hödürleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Serginiň myhmanlary täze we eýýäm sarp edijiler tarapyndan eý görülýän tagamlar bilen işjeň gyzyklanýarlar, bu bolsa Yupekchi kompaniýasynyň önümleriniň ýokary hilli bolmagyny we sarp edijileriň arasynda meşhurdygyny görkezýär.

Önümleriň doly assortimenti bilen kompaniýanyň resmi saýtyna girip, tanşyp bilersiňiz: https://www.yupekchi.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň