Ozal habar berşimiz ýaly, 28 – 30-njy maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirilýär. TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilýän giň gerimli edebi döredijilik forumyna Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan halypa hem-de ýaş şahyrlar işjeň gatnaşdylar.
Festiwalyň meýilnamasyna laýylykda, onuň çäklerinde Oş şäherinde gyrgyz halkynyň görnükli ýazyjysy Žolan Mamytowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan ilkinji gezek geçirilýän ýaş şahyrlaryň festiwalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň şahyrlary ýörite tabşyrylan temalar boýunça öz şygyrlaryny okadylar.
Erkin edebiýat agşamynda çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, türki dünýäniň edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini terjime etmek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.
Festiwalyň bäsleşikli tapgyrynyň netijesi boýunça, eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, 50-ä golaý gatnaşyjynyň içinden «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Bekgiýew we «Nesil» gazetiniň bölüm müdiri Daňatar Galpakow TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň lauriaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar.
Festiwalyň çäklerinde geçirilen maslahatyň dowamynda görnükli türkmen akyldary, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň terjimeçisi bilen duşuşyk hem geçirildi. Onuň dowamynda görnükli söz ussadynyň gyrgyz we türkmen dillerindäki şygyrlary okaldy.
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew hem öz çykyşynda baý mazmunyly, köp öwüşginli türkmen edebiýaty, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, Türkmenistanda medeni diplomatiýanyň yzygiderli ilerleýändigi barada belläp geçdi.