Şweýsariýaly meşhur režissýor-dokumentalçy, «Climage» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Gýol Türkmenistan barada filmi surata düşürmekligi meýilleşdirýär.
Bu mesele Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölümindäki hemişelik wekili Wepa Hajyýew bilen Stefan Gýolyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýram edilişi barada Ýewropanyň tomaşaçylary üçin halkara dokumental filmiň taýýarlanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça Stefan Gýol Türkmenistan barada reportažlary surata düşürmäge taýýardygyny mälim etdi. Ol ýurduň özboluşly bitaraplyk nusgasyny has giňişleýin öwrenmegi maksat edinýär.