Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary «Halkara indeksirlenýän ylmy žurnallaryň impakt-ýagdaýy» atly okuw-usulyýet onlaýn maslahatyna gatnaşdylar.
«Türkmenistan: altyn asyr» neşiriniň habar berşine görä, maslahatda ylmy makalalaryň gurluşy we mazmuny, halkara ylmy maglumatlar binýady üçin talaplar, şeýle hem ylmy netijeleri beýan etmek we hödürlemek babatyndaky häzirki zaman çemeleşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar impakt-ýagdaýa – ylmy žurnallara salgylanylyşynyň görkezijisiniň sanyna degişli meselä giňişleýin garadylar, ol ylmy jemgyýetçilikde onuň ähmiýetini we täsirini şöhlelendirýär. Impakt-ýagdaýy ýokary bolan žurnallar has abraýly hasaplanylýar.
Ozal biz Türkmenistanyň mugallymlarynyň dünýäniň ylmy žurnallarynda çap eden makalalarynyň 95 esse artandygy barada habar beripdik.