Ozal habar berşimiz ýaly, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Bitaraplygyna we halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň ýurduň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň esasylarynyň biri boljakdygyny aýtdy we Premýer-ministr Jorja Melonini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Premýer-ministr çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny Italiýanyň goldaýandygyny we goldamagyny dowam etjekdigini aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.