Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy mynasybetli «Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda beýik dananyň eserlerini öwrenen alymlar öz garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik aldylar. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyndan gatnaşan myhmanlar, alymlar we institutyň professor-mugallymlary giňişleýin çykyş etdiler.
«Azady – ylmyň, parasatyň öýjügi» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylar pähim-parasadyň çeşmesi bolan beýik türkmen danasynyň ynsanlaryň kalplarynda mähir-şepagaty, ynsanperwerligi, adalatlylygy, giň ylmy dünýägarýşy we yhsanlylygy kemala getirýän edebi mirasynyň bardygyny buýsanç bilen bellediler.