Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy konserte çagyrýar

16:0829.05.2025
0
13152

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 2-nji iýunda, 15:00-da «Watan» kinokonsert zalynda geçiriljek hindi tanslarynyň we sazlarynyň konsertine gatnaşmaga çagyrýar.

Hindistanly artistler toparynyň ýerine ýetirmeklerinde bu ýurduň milli aýdym-sazlary we tanslary görkeziler.

Ilçihananyň sosial ulgamlarynda berilýän maglumatlara görä, konserte giriş erkin bolup, nobat tertibinde alnyp barylar. Zal 14:45-e çenli açyk bolar, ol dolandan soň, konsert zalynyň gapylary ýapylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň