Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň döredijilik festiwalyna gatnaşýarlar

13:3229.05.2025
0
14278
Ýaş türkmenistanlylar TÜRKSOÝ-nyň döredijilik festiwalyna gatnaşýarlar
Surat: TÜRKSOY

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmenistanly ýaş şahyrlar Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilýän halkara festiwala gatnaşýarlar.

28-nji maýda Gyrgyzystanyň Oş döwlet uniwersitetiniň medeni merkezinde meşhur gyrgyz şahyry Žolon Mamytowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şahyryň ýadygärliginiň dabarasy geçirildi. Soňra türki döwletleriň ýaş şahyrlarynyň featiwalynyň resmi açylyşy boldy.

Festiwal ilkinji gezek geçirilip, oňa Türkmenistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Wengriýadan we Gyrgyzystandan wekilleriň gatnaşmagy bilen, halkara derejesine eýe boldy. Bu barada TÜRKSOÝ resmi habar berýär.

28 — 30-nji maý aralygynda geçirilýän festiwalyň dowamynda Ž.Mamytowyň goşgularyndan okaldy, durmuşy we edebi mirasy barada çykyşlar edildi. «Ýaşyl dünýä» mowzugynyň çäginde ýaş şahyrlar dürli temadan ýazan goşgularyny okaýarlar.

Bu halkara döredijilik festiwaly türki dünýäsiniň ýaşlarynyň edebi döredijiligini goldamak, umumy medeni gymmatlyklara bolan söýgini artdyrmak maksady bilen geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň