Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna geçirildi

00:3630.05.2025
0
16816

Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 6-7-8-nji iýunda belleniler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama laýyklykda, Gurban baýramy mynasybetli 8-nji iýundaky dynç güni 9-njy iýuna --- duşenbe gününe geçirildi.

Permanda onuň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.

Bu Perman türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalardan miras galan milli däp-dessurlary yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň