Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sarahs etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar

11:5430.05.2025
0
17565
Sarahs etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar
Surat: Ayan-turkmenistan.travel

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze, döwrebap bazaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, ýurtda söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalary gurmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Wise-premýer Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň