Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen metbugatynyň wekilleri Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýarlar

16:5629.05.2025
0
14230

Gazagystanyň paýtagty Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky metbugat hyzmatdaşlygy forumy öz işine başlady. Şu ýyl bu forumyň temasy «Bilelikdäki ösüş üçin metbugat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak» diýlip atlandyrylypdyr. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çärä gatnaşyjylara öz Gutlagyny iberdi.

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Forumyň guramaçy hökmünde Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazeti çykyş edýär.

Forumyň işine Türkmenistandan «Altyn asyr» elektron gazetiniň, «Нейтральный Туркменистан» we «Türkmenistan» gazetleriniň ýolbaşçylary we habarçylary gatnaşýarlar diýip, turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Çäräniň maksatnamasy «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wezipesi — medeniýetara dialog üçin köpri» we «Ýüpek ýoly ykdysady guşagynyň çäginde özara peýdaly ösüşi üpjün etmek» ýaly tematiki bölümçeleri öz içine alýar.

Foruma gatnaşyjylar üçin 29 — 31-nji maý aralygynda Gazagystan şäherlerine metbugat gezelenji guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň