29-njy maýda Owganystanyň Hyrat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hyratdaky Baş konsullygy tarapyndan owganystanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan meýilnamanyň çäginde guraldy. Bu barada Hyratdaky Baş konsullygyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.
Şäheriň merkezi köçelerinde geçirilen welosipedli ýörişe ýerli ýaşaýjylar, şäheriň häkimliginiň we Hyratda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Guramaçylar Bütindünýä welosiped gününiň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilendigini we şondan bäri bu senäniň dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýändigini nygtadylar.
Çärä gatnaşyjylara bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sebitde sport hereketini ösdürmäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirildi.