Adamyň bedeniniň garramagy eýýäm 25-28 ýaşda başlanýar. Bu barada Russiýanyň Federal lukmançylyk-biologiki agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Tatýana Ýakowlewa «Russiýa we dünýä: sagdyn uzak ýaşlylygyň trendi» forumynda çykyşynda aýtdy diýip, «RBK» habar berdi.
Forumyň ýygnagynda çykyş eden Ýakowlewa häzirki zaman lukmançylygynyň keselleri bejermekden ötri olaryň öňüni almaklyga we saglyga gözegçilik etmäge has ähmiýet berýär. Uzak ýaşamak üçin diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalar däl-de, yzygiderli lukmançylyk barlagyndan geçmek, dogry iýmitlenmekligi, ruhy taýdan türgenleşmekligi we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekligi öz içine alýan durmuşa aňly-başly çemeleşmek möhümdir.
Ol şeýle-de iş ýerinde fiziki işjeňligiň, psihiki saglyk we strese garşy maksatnamalaryň, sagdyn iýmitlenmegiň hem-de lukmançylyk öňüni alyş çäreleriniň wajypdygyny sözüniň üstüne goşdy. Russiýaly hünärmeniň aýtmagyna görä, hepdede 150 minut yzygiderli sport bilen meşgullanmak ölüm töwekgelçiligini 30 göterim kemeldýär.