Täze ýokary ýokuşganlyk häsiýetli koronawirus görnüşi Birleşen Ştatlarda, şol sanda Nýu-Ýork şäherinde hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Kesellere gözegçilik we öňüni almak merkezine (CDC) salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ýokanjyň NB.1.8.1 diýen täze görnüşi ilkinji gezek martda we apreliň ahyrynda Kaliforniýanyň, Waşingtonyň, Wirjiniýanyň we Nýu-Ýorkuň howa menzillerine gelýän halkara syýahatçylarda bellige alyndy diýip, «The New York Post» gazeti ýazýar. Neşiriň ýazmagyna görä, ol jahankeşdeler Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Fransiýanyň, Tailandyň, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň, Wýetnamyň hem-de Taýwanyň üsti bilen syýahat edipdirler.
Amerikan edarasynda wirusyň beýleki ýiti öýken ýokançlaryndan çalt ýaýraýandygyny aýtdylar. Häzir lukmanlar NB.1.8.1 görnüşini dykgatly yzarlaýarlar, onuň üsgürme, bokurdak agyrysy, ysytma we ýadawlyk ýaly alamatlary bar.