Türkiýe diňe bir energiýa serişdelerini satyn alýan ýurt bolman, onuň eksportunyň kuwwatly merkezine öwrüldi. Bu barada Türkiýäniň lideri Rejep Taýyp Ärdogan žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, TASS habar berdi.
Ärdoganyň sözlerine görä, Gara deňizde tebigy gazyň 75 mlrd kubmetr gorlarynyň tapylmagy yhlasly we maksatnamalaýyn tagallalarynyň miwesi bolup durýar. Täze üsti açylan ýataklar Türkiýäniň sebitde mawy ýangyç ýerleýän möhüm ýurt bolmagy üçin oňyn şertleri döredýär.
«Biz Ýewropanyň liderlerinden tebigy gaz satyn almak barada köp haýyşnamalary alýarys. Tebigy gazy Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa, Serbiýa eksport edip başladyk. Pakistana saparymyzdan soňra fewralda «Turkish Petroleum» kompaniýasy ol ýurduň döwlet kompaniýalary bilen Pakistanda iki sany ýatakda gözleg işlerini alyp barmak barada ylalaşyk baglaşdy. Biz bu işi Liwiýa we beýleki ýurtlar bilen hem işjeňleşdireris» diýip, Ärdogan sözüniň üstüni ýetirdi.