Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany Gurban-haýtyň baýram ediljek senesini yglan etdi

08:5129.05.2025
0
8606
Saud Arabystany Gurban-haýtyň baýram ediljek senesini yglan etdi
Surat: Daryo.uz

Saud Arabystanynyň häkimiýetleri täze Aýyň peýda bolmagyny synlamalaryň netijesinde musulmanlaryň Id al-Adha – Gurban-haýt baýramynyň anna güni, ýagny 6-njy iýunda başlanýandygyny yglan etdiler. Bu barada «Daryo.uz» habar berýär.

«Sişenbe güni agşam, musulman senenamasy boýunça 1446-njy ýylyň Zülhiçje (Gurban) aýynyñ 27-nji gününde asmanda Zülhiçje aýynyň täze Aýynyň peýda bolandygy hasaba alyndy. Şeýlelikde, çarşenbe güni Gurban aýynyň birinji güni bolar...» diýlip, Patyşalygyň Ýokary kazyýetiniň habarynda aýdylýar.

Gurban baýramy Saud Arabystanynda we beýleki ýurtlarda şu aýda Patyşalyga barjak zyýaratçylar esasy dini dessurlary berjaý edip tamamlanlaryndan soňra 6-njy iýunda bellener. Ýurduň Habarlar ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Patyşalyga eýýäm daşary ýurtlardan musulmanlaryň bir milliondan gowragy zyýarata bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň