Braziliýada ilaty diňe zenanlardan durýan şäheri tapdylar. Şäher Noýwa-du-Kordeýru diýlip atlandyrylýar hem-de onda 600-e golaý zenan ýaşaýar. Olaryň ýaşy, esasan, 20-den 35 ýaşa çenlidir diýip, «argument.ru» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Täsin ýeri, ol zenanlaryň ählisiniň-de ýanýoldaşlary we ogullary bar. Olar zenanlar bilen aragatnaşyk saklaýarlar, emma goňşy ilatly ýerde ýaşaýarlar. Noýwa-du-Kordeýruwa erkekler diňe dynç günleri baryp bilýärler.
Şäheri dolandyrmak zenanlaryň elinde. Olar dolandyryşyň şeýle görnüşiniň has sazlaşyklydygyny hem-de täsirlidigini aýdýarlar. Ýüze çykýan gapma-garşylyklar güýç ulanmak däl-de, gepleşikleriň we ylalaşyga gelmegiň üsti bilen çözülýär.