Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Senagat howpsuzlygy çygryndaky talaplar tassyklandy

11:4430.05.2025
0
15789
Senagat howpsuzlygy çygryndaky talaplar tassyklandy
Surat: Türkmengeologiýa

Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplary tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Karar «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny, senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagynyň talabalaýyk guralmagyny we amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, bu resminama «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde ýurduň senagat desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany hereket edýän önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak maksady bilen, agzalan Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýer H.Geldimyradowa iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň