Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan serhetara suwlary ulanmagyň hukuk mehanizmleriniň işlenip düzülmegini goldaýar

13:0429.05.2025
0
12259

Türkmenistan serhetara suwlary ulanmagyň hukuk taýdan borçlandyrýan mehanizmleriniň işlenip düzülmeginiň we kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu barada ýurdumyzyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekili Saparmyrat Durdyýew beýan etdi – diýip, TASS agentligi habar berýär.

«Türkmenistan hemişe ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna esaslanýan we suw serişdelerine eýe bolan ähli ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan serhetara suw baýlyklaryny adalatly we paýhasly paýlamagyň hukuk taýdan borçlandyrýan mehanizmleriniň işlenip düzülmegini we kabul edilmegini goldaýar. Aşaky akyma degişli bolan döwlet hökmünde biz köp ýyllaryň dowamynda serhetara suw baýlyklaryny durnukly we adalatly dolandyrmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny yzygiderli goldap gelýäris» - diýip, ol Duşenbede penşenbe güni başlanan buzlyklary gorap saklamak boýunça halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda nygtady.

Durdyýew Merkezi Aziýanyň esasy suw üpjünçilik çeşmeleriniň Pamir we Týan-Şan daglarynyň buzluk ulgamlarydygyny ýatlatdy. Bu buzluklar sebitiň iň uly derýalary bolan Amyderýany we Syrderýany iýmitlendirýär. Olar oba hojalygyny, energiýa ulgamyny goldamak bilen bir hatarda, ilaty agyz suwy bilen üpjün edýär we tebigy gurşawy emele getirýär.

«Soňky ylmy maglumatlara görä, soňky 50 ýylyň dowamynda bu derýalary iýmitlendirýän buzluklaryň göwrümi 30% azaldy. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli bu ýitgi 50%-e ýetip biler. Bu diňe bir suw üpjünçiligine däl, eýsem iýmit howpsuzlygyna, energetika ulgamyna we sebitiň ekologiýa durnuklylygyna hem howp salýar» — diýip, Türkmenistanyň wekili birnäçe maglumatlary mysal getirdi.

Onuň pikiriçe, şunuň ýaly şertlerde serhetara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. «Suwa çäk ýokdur, we ony netijeli dolandyrmak diňe dialog, jebislik we bilelikdäki tagallalar arkaly mümkindir» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Buzluklary gorap saklamak boýunça Birinji halkara maslahat 31-nji maýa çenli dowam eder. Oňa 80-den gowrak ýurtdan 2,5 müňden köp adam, şol sanda alymlar, syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, raýat jemgyýetiniň agzalary we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň