28-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň aýdym-saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, konsertiň maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplary folklor-döredijilik sahnalary, aýdymlar we tanslar bilen çykyş etdiler.
Medeni çäräniň çäklerinde türkmen halylarynyň, haly önümleriniň, milli şaý-seplerdir lybaslaryň, saz gurallarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
Çärä gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen milli tagamlary hem hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.