Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy Pakistanda ýaşaýan owgan-türkmen diasporasynyň wekilleri üçin «Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň görkezilişini gurady.
Film görkezilmezinden öň myhmanlara onuň döreýiş taryhy barada gürrüň berildi. Bellenilişine görä, film beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino işgärleriniň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň esasynda surata düşürildi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Filmiň görkezilişi gyzgalaňly ara alyp maslahatlaşma bilen tamamlandy. Tomaşaçylar filmiň ýokary çeperçilik derejesini we ýurduň medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de wagyz etmek boýunça onuň wajyp ähmiýetini nygtadylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň hemaýatkärliginde durmuşa geçirilen bu taslamanyň iki ýurduň arasyndaky berk medeni baglanyşyklaryň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenildi.
Myhmanlar iki ýurduň kino işgärleriniň bilelikde alyp baran işiniň netijesinde filmiň çuňňur taryhy we çeper mazmuna eýe bolandygyny hem-de Magtymguly Pyragynyň ýaşan hem-de döredijilik işini alyp baran döwrüniň ruhuny janlandyrandygyny nygtadylar.