Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nature»: Ýeriň ýadrosyndaky altyn planetanyň mantiýasyna aralaşýar

18:1126.05.2025
0
16179
«Nature»: Ýeriň ýadrosyndaky altyn planetanyň mantiýasyna aralaşýar
Surat: Gazeta.ru

Germaniýanyň Gýottingen uniwersitetiniň alymlary gymmatbaha magdanlaryň ýeriň ýadrosyndan mantiýasyna, ýagny Ýeriň ýadrosy bilen gabygynyň arasynda örtük bolup duran içki gatlaga akýandygyny anykladylar.

Bu açyş altynyň we beýleki gymmatbaha metallaryň biziň planetamyzyň üstünde peýda bolmagynyň sebäplerini düşündirýär. Bu barada «Nature» ylmy žurnalynda çap edilen makala salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýeriň altynynyň esasy agramy (99,999 göterimden köpüsi) Ýeriň 3 müň kilometr çuňlukda ýerleşýän metal ýadroda saklanýar.

«Biziň alan maglumatlarymyz altyny we beýleki gymmatbaha metallary goşmak bilen, hakykatdan hem ýadro tarap syzýandygyny görkezdi» diýip, ylmy barlagyň awtorlary ýazýarlar. Bu açyş altynyň we beýleki seýrek metallaryň gelip çykyşy, planetanyň içki dinamikasy we umman adalarynyň gelip çykyşy barada öň bar bolan garaýyşlary üýtgedýär.

Öň alymlar «akmaklaryň altyny» diýen at bilen belli bolan piritiň howanyň sazlaşmagynda wajyp hyzmaty bitirýändigini anykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň