Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adany açdylar

11:5729.05.2025
0
16098
Russiýaly alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adany açdylar
Surat: Scientific Russia

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Hazar deňziniň demirgazyk böleginde täze adanyň üstüni açdylar diýip, RYA-nyň Okeanologiýa institutyna salgylanýan TASS habar berdi.

Täze ada öň bar bolan Malaýa Žemçužnaýa adasyndan günorta-demirgazykda 30 kilometrlikde tapyldy.

Ilkibaşda gury ýer bölegini geçen ýylyň dekabrynda kosmos arkaly RYA-nyň institutynyň Kaspiý bölüminiň işgärleri gördüler, emma ol henize çenli ara alyp maslahatlaşmalary döredýärdi. Indi onuň bardygyny akademiýanyň we Astrahan döwlet goraghanasynyň işgärleriniň topary sapar netijesinde tassykladylar.

Alymlar täze adanyň emele gelmegini deňziň suwunyň derejesiniň pese gaçmagy bilen baglaýarlar. Wagt geçdigiçe, ol has-da gurar hem-de seýrek guşlaryň we hazar düwlenleriniň mekanyna öwrüler diýip, alymlar çaklaýarlar.

Golaý wagtda adanyň ilkibaşky sypatlandyrmasy taýýar ediler we ony nähili atlandyrmak barada ilkinji teklipler peýda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň