Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 258 görnüşleri hasaba alyndy. Olaryň käbirleri uçup geçseler, köpüsi gyşlaýarlar, şonuň ýaly hem oturymly guşlar we uçup gelip höwürtgeleýän guşlar bar.
Guşlara ýylyň dowamynda gözegçilik geçirilip, höwürtgeleriň GPS koordinatlary alynyp karta çyzga geçirilýär we tebigat ýyl ýazgy kitabynda öňki ýyllar bilen deňeşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, geçirilýän sanawyň netijelerine görä 8 sany gajaryň, 4 sany depesyçançynyň, 6 sany dazzarkeliň, 1 sany bürgüdiň, 5 sany maslykçy guşuň, 7 sany göwenegiň, 1 sany hüwiniň höwürtgeleri hasaba alyndy.
Gajar, ýylançy gyrgy, gara çaýkel, maslykçy, depe syçançy ýaly ýyrtyjy guşlar pisse, sazak ýaly agaçlarda höwürtge gurunsalar, dazarkel, bürgüt, adaty göwenek, sähra göwenegi, sakally garaguş, ütelgi Gyzyljaryň, Ýeroýlanduzyň kert gaýalarynda höwürtgeläp neslini dowam etdirýärler.
Goraghananyň meýdanlarynda we oňa ýanaşyk ýerlerde yzygiderli geçirilýän gözegçilikleriň netijelerine görä ýyrtyjy guşlaryň höwürtgelerinde goýýan ýumurtgalarynyň sany tebigatdaky iýmit ätiýaçlygyna bagly bolýar. Gemrijileriň tebigatdaky sany agdyklyk edýän ýyllarda depe syçançy, bürgüt ýaly guşlaryň höwürtgesinde jüýjeleriň sany köp bolýar. Maslyk bilen iýmitlenýän gajar, sakally garaguş, maslykçy, dazzarkel ýaly ýyrtyjy guşlaryň höwürtgelerinde bir ýumurtga bolýar.
Olaryň iýmiti esasan toýnakly haýwanlar bilen bagly bolýar. Dürli sebäplere görä ölen haýwanlaryň maslyklaryny iýip tebigaty arassalaýarlar. Ütelgi guşy esasan guşlar bilen iýmitlense, ýylançy gyrgy ýylanlaryň tebigatdaky sanyny kadalaşdyrýarlar. Göwenekler mör-möjekler, ownuk süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.