Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

17:5030.05.2025
0
15675

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň