Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilýän 7-nji etnosport festiwalynda çykyş edýär

10:3224.05.2025
0
6215

Türkiýäniň paýtagtynda 22-nji maýda başlanyp, 25-nji maýa çenli dowam edýän 7-nji Halkara etnosport festiwaly geçirilýär. Atatürk adyndaky howa menziliniň çäginde geçirilýän bu festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe myhman gatnaşýar – diýip, AA agentligi habar berýär.

Festiwala «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy çäräniň iň görnükli çykyşlarynyň biri boldy. Bu topar tomaşaçylara adaty at çapmagyň ýokary ussat­lygyny we milli at üstündäki oýunlary görkezip, olary Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrýar.

Türkmen ussatlarynyň görkeziş çykyşlaryna Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň prezidenti Bilal Erdogan hem gatnaşdy.

Ýatlatsak, Bilal Erdogan 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelipdi we bu ýerde ýokary derejeli duşuşyklary geçiripdi. Bu sapar sport we medeniýet ýaly dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň