Prezident Serdar Berdimuhamedow 30-njy maýda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammitde eden çykyşynda sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine türkmen döwletiniň ynanýandygyny belledi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy barada aýdyldy.