Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ýokary we mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň we Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlarydyr doktorantlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
30-njy maýda halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary», «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar. Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy», «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» ýaly bölümçelerde dowam etdi.
Olarda professor-mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlardyr aspirantlar ylmy nutuklar bilen çykyşlar edip, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň işine Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bangladeşiň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 80-den gowragyndan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň ýapylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, alnyp barylýan bu işleriň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýtdylar.