Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär

09:3530.05.2025
0
10421
Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär
Surat: Magtymguly Adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti

29-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ylymlar güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň, ylmyň we innowasiýa tehnologiýalarynyň orny» atly utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, halkara ylmy-amaly maslahatda Russiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Beýik Britaniýanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Bangladeşiň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 80-den gowragyndan 310-a golaý professor-mugallymlar we alymlar wekilçilik edýän ugurlarynda gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler dürli ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň strategik hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryň berk binýady bolan bilim, ylym we tehnologiýalar babatda alyp barýan işleriniň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.

Türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdeplerinde, ylym-bilim merkezlerinde alnyp barylýan ylmy-barlag işler hem-de olaryň önümçilik arabaglanyşygynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şu gün — 30-njy maýda halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Bio-himiki we nanotehnologiýalary ösdürmegiň hem-de olaryň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň, daşky gurşawy goramagyň meseleleri. Tebigy ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary», «Matematikada, fizikada we astronomiýada ylmy barlaglar.

Sanly bilim, maglumat ulgamy we kompýuter tehnologiýalary, kiber howpsuzlygy hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy», «Ynsanperwer ylymlary: taryh, sosiologiýa, filosofiýa, psihologiýa we pedagogika, hukuk öwreniş ylymlarynyň häzirki zaman ösüşi» hem-de «Filologiýanyň meseleleri: türkmen we daşary ýurt dillerini, edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usullary. Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti» ýaly bölümçelerde dowam eder. Olarda professor-mugallymlar, alymlar, ylmy işgärler, doktorantlardyr aspirantlar ylmy nutuklar bilen çykyşlar ederler we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň