Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän Abu Reýhan Biruni adyndaky II halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar.
28-nji maýda başlanan halkara olimpiada ýer eýesi Özbegistan bilen bir hatarda Türkmenistan, Saud Arabystany, Türkiýe, Azerbaýjan, Mongoliýa, Belarus Respublikasy, Wýetnam, Russiýa, Gruziýa, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy hem-de Täjigistan ýaly ýurtlardan jemi 115 sany mekdep okuwçy gatnaşýar.
Halkara olimpiada iki tapgyrda: ýazuw işi (nazaryýet boýunça) we amaly iş (laboratoriýada) esasynda geçirilip, ol 4-nji iýuna çenli dowam eder.
Olimpiadanyň çäginde mekdep okuwçylary üçin halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda birnäçe ussatlyk sapaklary geçiriler. Şeýle-de gatnaşyjylar üçin Daşkentdäki we Samarkantdaky taryhy we medeni ýerlere syýahatlar guralar.