Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

31-nji maýda Aşgabatda ÝB-niň goldaw bermeginde «Parahatçylyk we ynanyşmak marafony» geçiriler

14:2429.05.2025
0
15645

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylyň Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde 31-nji maýda «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirýär.

Guramaçylaryň habar bermegine görä, çäre sagat 07:00-dan 11:00-a çenli Garaşsyzlyk seýilgähiniň daşyny gurşap alýan ýanýoda boýunça geçiriler. Ylgawyň başlanýan we tamamlanýan nokady Türkmenbaşy şaýoly bilen 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň çatrygynda bolar.

Çäräni guraýjylar dürli ýaş derejeleri bolan gatnaşyjylar üçin üç ýaş aralygyny göz öňünde tutýarlar: 2 km maşgala ylgawy (16 ýaşa çenli çagalar uly ýaşlylaryň ýanynda gatnaşyp bilerler), şeýle hem 16 ýaşdan uly bolan gatnaşyjylar 5 km we 10 km aralyklary geçip bilerler.

Çäre Run-Rush ylgaw klubynyň goldaw bermegi bilen guralyp, ol jebislik, sagdynlyk we ynanyşmak ruhy bilen ussat türgenleri, ylgamagy söýýänleri we raýatlary birleşdirmeklige gönükdirilendir.

Gatnaşyjylary deslapky hasaba almaklyk 29-30-njy maý aralygynda sagat 15:00-dan 19:00-a çenli Frappe kafesinde (Ýunus Emre köçesi, Parahat 3/1, jaý 52-nji) we Tebigat Pet Shop weterinar dükanynda (Magtymguly şaýoly, j. 150/1) geçirilýär. Hasaba alynýan mahaly marafona gatnaşyjylar ylgawdaky belgilerini, sport lybaslaryny alarlar we zerur bolan resminamalara gol çekerler.

Ýeňijiler we işjeň gatnaşyjylar baýraklara we ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolarlar. Çäräniň maksatnamasynda şeýle hem gyzykly bäsleşikler we sport çäreleri göz öňünde tutulýar.

Maglumat üçin telefon: +993 64 10 10 18.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň