Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy 25-nji maýda Yslamabadyň Daşary ýurtly zenanlar birleşmesi (IFWA) we «Serena» myhmanhanasy tarapyndan guralan «Dünýäniň tagamyny dadyp gör» atly haýyr-sahawat çäresine gatnaşdy.
Yslamabatda bu çärä gatnaşan diplomatik wekilhanalar öz ýurtlarynyň milli aşhanasynyň adaty tagamlaryny hödürlediler. Gatnaşanlaryň arasynda Amerikanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýanyň ýurtlarynyň ilçihanalary, şol sanda Türkmenistanyň ilçihanasy hem boldy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasy dograma, işlekli, fitçi, palaw we beýleki adaty türkmen tagamlarynyň giň görnüşlerini hödürledi. Türkmen milli aşhanasynyň dürlüligi, baý tagamlary we özboluşlylygy myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.
«Dünýäniň tagamyny dadyp gör» atly haýyr-sahawat çäresi medeniýet bilen aşhananyň adamlary birleşdirip we ýagşy maksatlara hyzmat edip biljekdigini aýdyň görkezýän ajaýyp mysal boldy — diýip, çeşmede bellenilýär.