Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hünärmenleri 10-njy Bonn dialogyna gatnaşmaga çagyrylýar

10:1628.05.2025
0
13720

Türkmenistanyň hünärmenleri daşky gurşaw we saglyk meselelerine bagyşlanan 10-njy Bonn dialogyna onlaýn görnüşde gatnaşmaga çagyrylýar. Bu çäre BSG-niň Ýewropa sebitiniň býurosynyň «Geliň hereket edeliň! Köpräk pyýada ýöremek we welosiped sürmek üçin 100 sebäp» atly kampaniýanyň çäklerinde geçirilýär.

Çäre Halkara welosiped güni bolan 3-nji iýunda onlaýn görnüşde geçiriler.

Dialogyň barşynda ylmy toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, döwlet we hususy pudaklaryň işgärleri çykyş edip, pyýada ýöremegiň we welosiped sürmegiň artykmaçlyklary barada öz bilimlerini paýlaşarlar.

Çäre milli, sebit we ýerli döwlet dolandyryş edaralarynda işleýän ulag, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak we şäher meýilnamalaşdyryş pudagyndaky ähli hünärmenlere, şeýle hem ylmy-gözleg işgärlerine, dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenlere we giň jemgyýetçiligiň wekillerine açyk bolar.

Onlaýn görnüşde gatnaşmak üçin bellige alynmagy şu salgylanmanyň üsti bilen ýa-da posterdäki QR kody skanirlemek arkaly amala aşyryp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň