Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ženawada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň mejlisiniň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy

11:1921.05.2025
0
12484

Türkmenistanyň wekiliýeti 19-20-nji maý aralygynda Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň mejlisiniň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetine saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow ýolbaşçylyk etdi, şeýle hem ol umumy mejlisde çykyş etdi. Bu barada BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ministr öz çykyşynda saglygy goraýyş, keselleriň öňüni almak, ökde hünärli işgärleri taýýarlamak we lukmançylykda sanlaşdyrmak meselesinde ýurduň ileri tutýan ugurlaryna ünsi çekdi. M.Mämmedow halkara hyzmatdaşlyga we raýdaşlyga aýratyn ähmiýet berdi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň