Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar üçin dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF» atly ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Çäre BMG-niň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzümleriniň wekillerini, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Bu barada uza-uz saýty habar berdi.
Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň umumy ileri tutulýan ugurlary, bu ugurdaky täsirli strategiýalar we bilelikdäki başlangyçlary kesgitlemek arkaly lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak halkara forumda esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy.
Maslahatda çagalara we ýetginjeklere niýetlenilen onkologiki bejergi ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Bu ulgamy döwlet maksatnamalary bilen utgaşdyrmak, yzygiderli öňüni alyş, irki anyklaýyş we bejergi ulgamyny döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de prosesleriň sanly gözegçiligini ýola goýmak barada hem pikir alşyldy.
Forumyň ahyrynda gatnaşyjy ýurtlar ÝUNISEF we BSGG-niň goldawy bilen Hökümetleriň, akademiki jemgyýetleriň, hyzmatdaşlaryň we raýat jemgyýetiniň arasynda çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen jarnamany kabul etdiler.