Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Netijeli we täsirli geçen okuw-usuly geňeşi

0
29

Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşi 2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri geçirilip gelýär. Bu okuw-usuly geňeşiniň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän okuw-usulýetini ösdürmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, orta hünär okuw mekdepleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ýakynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw-usuly geňeşi geçirildi. Geňeşe gatnaşyjylary sungat mekdebimiziň kirişli we üflenip çalynýan saz gurallaryndan düzülen kwintet topary garşy aldy. Olar öz repertuarlaryndan türkmen meşhur kompozitory Nury Halmämedowyň “Haýrana galar”, “Karkaranyň aýdymy”, “Kerwen”, daşary ýurt kompozitorlary D.Şostakowiç “Wals”, Žorž Bize “Habanera”  ýaly eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Okuw-usuly geňeşini Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory Serdar Nuryýew alyp bardy. Maslahatyň başynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi bilen tanyşlyk ýagny, sungat mekdebiň açylan gününden häzirki wagta çenli mekdepde hereket edýän bölümler, hünärler barada, ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda mekdebiň mugallymy, Gülbahar Ýusupowa giňişleýin gürrüň berdi. Bu çykyş diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Indiki çykyşy I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory, okuw-usuly geňeşiniň başlygy Jeren Ataýewa “Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny tertipleşdirmek hakynda” tema bilen çykyş etdi. Ol çykyşynda okuw kitaplaryny çap etmekde olaryň hili, mazmuny, göwrümi barada peýdaly maslahatlaryny berdi.

Geňeşiň dowamynda Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Medine Myradowa Iş berijiler bilen hünär bilim edaralarynyň özara baglanyşygyny kämilleşdirmek maksady bilen, “Hünär derejeleriniň milli Çarçuwasyny” döretmek boýunça halkara tejribesini öwrenmegiň wezipeleri, artykmaçlyklary we iş mehanizmleri barada gürrüň berdi. Soňra Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Maýsa Goçgeldiýewa “Açyk bilim resurslary hakynda Düzgünnamasyny ýerine ýetirmek üçin amala aşyrmaly işleri ara alyp maslahatlaşmak” diýen tema bilen çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň saz bilimini berýän sazçylyk we sungat mekdepleri üçin niýetlenen “Türkmen kompozitorlary” we “Saz teoriýasy” atly öz taýýarlan programmalary bilen tanyşdyrdy.

Maslahatyň dowamynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Abdylla Allanurow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Arkadagly Serdarymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde serwer enjamlary we programma üpjünçiligi, web saýtynyň döredilmegi, ERDU-elektron resminalar dolanyşygy ulgamy, Moodle bilim portalynyň döredilmegi, e-kitaphana, e-sapak portallary bilen tanyşdyrdy.

Jemleýji çykyşy Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Süleýmanberdi Öwezberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabryndaky 340 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ornaşdyrmak babatynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ol öz çykyşynda okatmagyň Moodle platformasy esasynda içki sanly bilim portaly elektron maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygy we üstünlikli ornaşdyrylandygy, mugallymlaryň we talyplaryň sanly hasaba alyş (Face ID) enjamlarynyň, serwer otagynyň ornaşdyrylandygy barada maglumat berdi.

Bilim bermekde, öwretmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy ýaşlary diňe bir zähmet ýoluna taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, döredijilikli pikirlenmäge ukyply, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesli kemala getirmäge ýardam berýär. Şular ýaly maslahatlary geçirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunymyz aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, türkmen professional aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmakda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Gülbahar Ýusupowa

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijisi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar