Türkmen halky gadymdan gelýän özboluşly demokratik ýörelgeleri, hem-de parahatlyk, asudalyk, dost-doganlyk şygarlary bilen özüni äleme tanadan halkdyr. Gadymdan gelýän bu ýörelgeler türkmen halky garaşsyzlygyny ykrar edeninden soň hukuk taýdan, ýagny baş kanunymyz bolan konstitusiýamyzda has-da mäkäm berkidildi. Döwletde täze konstitusiýanyň kabul edilmegi ýa-da oňa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bu gadymy ýörelgeler has-da kämilleşýär. Konstitusiýa bu döwletde hukuk kadalary guramagyň usulydyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi jemgyýetiň syýasy, we durmuş-ykdysady özgerişikleri alamatlandyrýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bolsa jemgyýetiň syýasy, we durmuş-ykdysady özgerişikleri has-da kämilleşdirilip, döwrüň talaplaryna görä gymmatlyklaryň esasynda halkyň bagtyýarlygy, erkinligi ugrunda hukuk syýasy tejiribeler ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň hukuk ulgamy türkmen halkynyň taryhy mirasyny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň konstitusiýasyna her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we asudalygyny, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, bähbitlerini we özygtyýarlygyny goramak, halk häkimýetliliginiň we hukuk döwletiniň sütünlerini berkarar etmeklik degişlidir.
Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir. Belläp geçişimiz ýaly bu gymmatlyklar döwlet tarapyndan hukuk taýdan goralýar, şeýle hem geljekki nesillere ýetirilýär. Hususanda konstitusiýamyzyň 15-nji maddasynda bellenilşi ýaly “Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligi üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär. Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardan edýär”. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz parahatsöýüjilik hem-de naýbaşy ynsanperwer gymmatlyklary giň gerimli halkara hyzmatdaşlygynda hem durmuşa geçirýär. Hususan-da Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, onuň hukuk binýadyny berkitmek we täze ugurlaryna, mümkinçiliklere ýol açmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Belläp geçişimiz ýaly häzirki wagtda döwletimiziň bilim babatda alyp barýan syýasaty öz gözbaşyny konstitusiýamyzdan alyp gaýtýar we bu ugurda birnäçe oňyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halky gadymdan bilime teşne halkdyr. Türkmen alymlarynyň ylmy açyşlary, ýazyjy-şahyrlarynyň döreden eserleri we şygyrlary özüniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Muňa mysal hökmünde Gündogaryň beýik filosofy hem-de şahyry Magtymguly Pyragyny getirip bileris. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda Magtymguly Pyragyny «Parahatçylygyň şahyry» diýip häsiýetlendirýär. Çünki şahyryň edebi mirasynda parahatçylyk, agzybirlik we erkinlik ýörelgeleri öňe sürülýär. Hususanda her bir adamyň bilim almaklygy barada konstitusiýamyzyň 55-nji maddasynda şeýle bellenilýär:“Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär”. Gahryman Arkadagymyz: “Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda dälde, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini gökezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy emjanlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi. Mälim bolşy ýaly her ýylyň iýun aýynyň 12-sinde ýurdumyzda Ylymlar güni uly dabara bilen giňden bellenilýär. Ylymlar güni mynasybetli ylmy bäsleşikleriň jemi jemlenýär, hem-de däp bolşy ýaly Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat geçirilýär.
Makalamyzyň başynda belleýşimiz ýaly türkmen halky gadymdan gelýän özboluşly demokratik ýörelgeleri, hem-de parahatlyk, asudalyk, dost-doganlyk şygarlary bilen özüni äleme tanadan halkdyr. Türkmen halky taryhda parahatçylyga, dostluga gymmatlyk hökmünde garapdyr. Halk döredijilikleriň biri bolan nakyllarda, atalar sözlerinde hem bu babatda köp mysallar getirilipdir. Muňa “Parahatçylyk, asudaluk bar ýerinde gülläp ösüş hem bardyr”, “Tagan aýagy üç bolar, bir-birine güýç bolar, biri döwülse – hiç bolar”, “Agyz bir bolsa, göwün jem bolar” ýaly nakyllardyr atalar sözlerini mysal getirip bolar. Parahatlygy, asudalygy, dost-doganlygy üpjün etmek üçin Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýoluny saýlap aldy, çünki bu ýol öz gözbaşyny taryhy jümmüşlerden alyp gaýtýar. Bitaraplyk diplomatiýasyny Türkmenistan daşary we içeri syýasatynda çuňňur ornaşdyrdy, hem-de türkmen halkynyň parahatçylygy, dialogy we birek-birege hormat goýmagy döwlet gurluşynyň özeninde goýýan taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýar. Türkmenistan Birleşen Milletler guramasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä ýurtlarynyň 185-siniň goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul etdi, şol wakadan soňra bu dereje Baş kanunymyzda ýerleşdirildi. Şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýununda bu Kararnama ikinji gezek eýe boldy, hususanda bu barada 2-nji maddada şeýle bellenilýär: “Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12- nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar”. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Şeýle hem geçen ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi, bu Kararnama BMG-ä agza ýurtlaryň 86-sy awtordaş hökmünde çykyş etdi. Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu ýylda bolsa biz, ýagny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny giňden uly dabara bilen bellemäge taýýarlyk görýäris.
Ýakynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan türkmen halkyna ýene bir hoş habar gelip gowuşdy, ýagny 21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň 61-nji bendi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly täze Kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnamada, hususan-da, bitarap ýurtlaryň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak maslahat berilýär. Bu Kararnama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda kabul edilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu Kararnamanyň üçünji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer, parahatçylyk syýasatynyň, däpleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu gazanylan ägirt uly we ähmiýetli üstülikler bolsa ýaşlarymyza okamaga, işlemäge, döretmäge bolan ruhy güýç berýär.
Watanymyzyň kanunçylyk hukuk we halkara abraýyny ýokary götermekde, türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun! Mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Babaýew Gurbanmuhammet
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy