Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bilim – bagtyň we rowaçlygyň açary

0
60

Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, sanly ulgamdan baş çykarýan we daşary ýurt dillerini bilýän, sagdyn bedenli, milli ruhly terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda ýaşlar syýasaty döwletimiziň ileri tutulýan syýasy ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdep okuwçylarymyz dünýäniň iri olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda we başga-da dürli bäsleşiklerde ýokary netije gazanýarlar. Ösüp gelýän ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ata Watanymyzyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Bilim ulgamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin esasy binýatlarynyň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak – bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar.  Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýandyr. Şu maksat bilen dersler sanly bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.

Ýaşlar ýurdumyzyň ösüşiniň özenidir. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine gabat getirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Häzirki wagtda ýaşlara bilim bermekde ylmyň iň soňky gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda guralýan teleköprüler, onlaýn sapaklar talyp ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmegine uly ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan şeýle döwlet syýasaty, bilim özgertmeleri ýaşlarda geljege, ösüşe bolan ynamy has hem berkidýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy buýsandyrýar. Biziň talyp ýaşlarymyz dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly üstünlikler gazanyp, Watanymyzyň abraýyna öz goşantlaryny goşýarlar.

Biziň ýaşlarymyzyň sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döredip beren mähriban Prezidentimize buýsanjymyz artýar. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri  kämilleşdirmelidiris.

Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy has-da beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyz bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatynda mugallymlaryň hem üstüne uly borç ýüklenýär. Biz mugallymlar hem ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, kämil terbiýeli, ylymly, bilimli bolmagy üçin öz gujur-gaýratyny gaýgyrmaly däldiris. Şoňa jogap edip, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Öwezguly Öwezow

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar