Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygymyzy döwrüň talabyna görä, kämilleşdirmek hem-de onda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň öz beýanyny tapmagyny gazanmak, häzirki döwrüň iň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Kabul edilýän kanunlarda şahsyýetiň, onuň hukuklarynyň we bähbitleriniň konstitusion gurluşynyň özeni hökmünde ykrar edilmegi, Türkmenistanyň adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara standartlaryna ygrarlydygyny kesgitleýär.
Konstitusiýa her bir döwletiň esasy kanunydyr. Gahryman Arkadagymyz: “Häzirki döwürde döwlet gurluşynda amala aşyrylýan oňyn jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzda konstitusion reformalary geçirmegi talap edýär” diýip belleýär. Döwletimizde jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, onda hakyky demokratik däplerini berkitmek hem-de her bir raýatyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny üpjün etmek boýunça çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň II bölümi “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýlip atlandyrylyp, bu bölüm hem birnäçe täze maddalary özünde jemleýär. Demokratik hukuk, dünýewi döwletimiziň berkararlygyny pugtalandyrmakda hem-de raýatlaryň kanun tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglygyny berkitmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen bu kadanyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen bu üýtgetmeler beýleki kanunçylyk namalarymyzyň hem kämilleşmegine oňaýly täsir edip, olaryň demokratik talaplara laýyk gelmegine, aýratynda jenaýat yzarlamasy çygrynda adam hukuklarynyň goraglylygynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Munuň özi Türkmenistanyň Jenaýat-iş ýörediş kanunçylygynyň demokratik ýörelgeleriň talaplary esasynda öňküden-de kämilleşmegine getirer, onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmegine, ýurdumyzyň halkara şertnamalarynda öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini kepillendirer.
Türkmenistan adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň doly durmuşa geçirilmegi üçin zerur syýasy, ykdysady, hukuk şertlerini üpjün edýär, şahsyýetiň erkin ösmegine ýardam berýär. Şu maksat bilen Türkmenistanda raýatlaryň erk-islegini azat beýan etmeginiň demokratik institutlarynyň we amallarynyň ulgamy döredildi, eýeçiligiň we ykdysady işiň dürli görnüşleriniň deň dowam etmegi üpjün edildi, adam hukuklary babatdaky halkara ölçeglerine laýyk gelýän birnäçe kadalar Esasy Kanunymyza girizildi.
Biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarmyzy aýdýarys.
Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer işleri rowaçlyklara beslensin!
Hudaýýar MÄMMETORAZOW
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby