Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýraklaryňyz gutly bolsun

0
302

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medenýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, sungata höwesli zehinli ýaş nesilleri ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bu ugurdan höwesli nesilleriň has-da artmagyna giň mümkinçilik döredilýär.

Şu nukdaýnazardan ugur alynyp golaýda, Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Lebap welaýat ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň gurnamagynda, Lebap welaýat çagalar sungat mekdepleriniň arasynda  döredijilik saz toparlarynyň ýagny, halk saz gurallary orkestri “Owazlar sazlaşanda”, hor topary “Parahatlyk aýdymy”, dutarçylar ansambly “Ýaşlyk joşguny” at bilen  bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady kämil ýaş sazandalary ösdürip  ýetişdirip, olary saz eserleriniň üsti bilen akyl ahlak zähmet watançylyk ruhunda terbiýelemek  bolup durýar. Düzgünnama laýyklykda bäsleşikde her döredijilik saz topary talaba görä saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Biziň Gazojak şäherindäki çagalar sazçylyk sungat mekdebiniň döredijilik saz topary hem ady agzalan bäslege gatnaşyp baýraklary orunlara mynasyp boldular. Elbetde bäsleşige gatnaşyp üstünlik gazanmak irginsiz zähmeti we ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Şol babat-da hem mekdebimizin müdiri hem sungat mekdepde bilim alyan okuwcylary,  zehinli sungaty soyuji yas nesiller edip yetişdirmek üçin zähmetini gaýyrman işeyär.

Mekdebimizde hereket edyan dutarcylar ansambly in bir öndebaryjy saz toparlarynyň biridir. Bu topara ussat mugallym Selbi Muhammetnazarowa ýolbaşçylyk edip gelyar. Onun ýolbaşçylygynda Türkmen halk sazy “Leýli gelin”, Ý.Nurgeldiýewiň “Pyragy” atly sazlary yokary ussatlyk we örän inçelik    bilen ýerine ýetirip baş baýraga mynasyp boldular.

Köpçülik bolup ýerine ýetirmek her bir okuwçyda ýokary jogapkärçiligi talap edip ýaş sazandalarda birek biregi diňläp eşitmek duýgusyny has-da kämilleşdirýär. Bilşimiz ýaly, Halk saz gurallary orkesri hem köpçülik bolup ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Mekdebimizdaki halk saz gurallary orkestrine halypa mugallym Oraz Hasanow bilen onun sagirdi Orazberdi Saslyyew ýolbaşçylyk edip gelyarler. Olaryn yolbascylygynda baslesikde türkmen halk sazy “Balsaýat”, türkmen halk tansy “Küştdepdi” täzeden işlän A.Agajykow hem-de rus halk aýdymy “Kalinka” täzeden işlän A.Astafewa atly eserleri ýerine ýetirip 1-nji orna eýe boldular.

Mundan başga-da sazcylyk sungaty mekdebimizde hereket edýän iň ýaş saz toparlaryň biride hor toparydyr. Hor bolup aýdym aýtmak okuwçylarda saza bolan birnäçe duýgulary ösdürmäge kömek edýär. Bu topara Selbi Egemowa yolbaşçylyk edip, onun dirizyorlyk etmeginde Ç. Nurymowyň “Otly gelýär”, W. A. Mosart “”My poyom weselýa pesni”, we R.Rejebowyň “Bahar geldi" atly eserleri ýerine ýetirip 2-nji oruna mynasyp boldular.

Gülleýan eziz diýarmyzda geljekki nesilleriñ ylymly- bilimli bolup yetişmekleri ugrunda edilyan atalyk aladalara jogap edip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlar aýdýarys.

Güller Muhamowa

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sazçylyk sungat mekdebiniñ mugallymy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar