Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ömürnamaçylyk türkmen jemgyýetinde

0
158

Ylym-bilimiň binýady orta mekdeplerde tutulýar. Şonuň üçin eýýäm mekdep döwründen başlap okuwçylary ylym-bilimiň gazananlary bilen aňýeterli derejede tanyşdyryp başlamak gerek. Munuň özi edebiýat dersi barada aýdylanda iki esse hakykatdyr. Sebäbi çeper edebiýat bir günüň, iki günüň işi däl-de, halkyň nesilleriň dowamynda eden arzuwlaryna beýan edýär. Biz şu makalada türkmen edebiýatynyň taryhynda yz goýan iki sany beýik şahsyýetiň – türkmen nusgawy edebiýatynyň gözbaşynda duran Magtymguly Pyragy bilen XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Kerim Gurbannepesowyň arasyndaky ruhy baglanyşyk hakynda durup geçmekçi. Has dogrusy, şahyrlaryň anyk goşgularyny, Magtymguly Pyragynyň  “Nahana geldiň” atly goşgusy bilen Kerim Gurbannepesowyň “Ömür aýdymlary” atly goşgusyny deňeşdirip geçmekçi. Şeýle deňeşdirip öwrenmeklik orta mekdebiň mugallymlaryna Magtymguly Pyragynyň we Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine has içgin aralaşmaga ýardam eder.

Magtymguly Pyragynyň “Nahana geldiň” atly goşgusynda her bir aýratyn alnan adamyň ömür ýoly dünýä inen gününden başlap, soňky demine çenli yzarlanýar. Şunda her bir adamyň ömrüniň dowamynda duçar bolýan hadysalary, wakalary umumylaşdyrylyp açylypdyr. Edil şeýle mazmunly goşgy Kerim Gurbannepesowda hem bar. Eýsem, bu iki goşgynyň many-mazmun umumylyklary nämelerden ybarat? Kerim Gurbannepesow ýöne bir öň aýdylan pikiri gaýtlap oňupmy ýa-da onuň getiren täzelikleri barmy? Goşgularyň ýazylmagyna awtorlaryň ýaşan döwri täsir edipmi? Eger şeýle bolsa bu täsir nämelerden ybarat? Goşgulary deňeşdirip derňemegiň dowamynda biz şeýle soraglara jogap bermäge çalşarys.

Magtymguly Pyragy öz goşgusyny adam oglunyň doglup-dörän pursatyndan başlaýar:

Bu nakyldyr, adamzat, sen  bu  mekana geldiň,

Owwal ataň bilinden syzyp, nahana geldiň,

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,

Enede surat bolup, bu şirin jana geldiň,

Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,

Emip eneň süýdüni, gundalyp, dona geldiň.

Görşümiz ýaly, Kerim Gurbannepesowyň goşgusy Magtymguly Pyragynyň ideýalarynyň sözme-söz gaýtalanmasy däldir. Bir hakykatyň – ölümiň bardygy düşnükli. Ýöne, näme-de bolsa, Kerim Gurbannepesow “Tümlükde-de myradyna gowşan bar” bar diýip, bar zadyň gowulyk bilen gutarjagyna umyt baglapdyr.

Janmyradowa Nabat

Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar