Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleýin gatnaşyklaryň orny

0
166

Dürli ýurtlaryň ykdysady we sosial ösüşinde sebitleýin gatnaşyklarynyň möhüm orny bar. Bu gatnaşyklary ösdürmek, diňe bir ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik abadançylygyny, ekologiýa we tehnologiki täzelikleri hem öz içine alýar. Global ykdysady şertleriň çetinligi sebäpli, döwletler arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýet tapýar. Şeýle şertlerde, durnukly ösüşiň gazanylmagy üçin sebitleýin gatnaşyklaryň strategiýalary we täzelikleri has-da güýçlendirmek zerur bolup durýar.

19-njy martda paýtagtymyzda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat, sebitleýin gatnaşyklarynyň täze konseptlerini açmak maksady bilen geçirilip, giňişleýin pikir alyşmalara ýol açdy. Maslahatda daşary ýurtlardan gelen bilermenler, halkara guramalarynyň wekilleri we ýerli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ykdysady ösüşiň geljekki strategiýalary barada çuňňur pikir alyşdylar. Bu möhüm çäre, ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitlemekde we tejribe alyşmakda möhümdir.

Maslahatda ýörite dürli sektorlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag-logistika, sanly tehnologiýa we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki işleriň, ýurduň durnukly ösüş maksadlaryna ýetmekde nähili ähmiýetli bolýandygy giňişleýin beýan edildi. Şol sanda gatnaşyjylar, döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanmagynyň, ykdysady sistemalaryň güýçlendirilmeginiň, şeýle hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin maliýe we ykdysady serişdeleriň özara bölüşdirilmeginiň zerurdygy barada birnäçe teklipler öňe sürdüler.

Halkara maslahatyň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bilen birlikde, parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanan hyzmatdaşlygyň esaslary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we beýleki sebit ýurtlarynyň ykdysady syýasatlaryny has-da güýçlendirmek maksady bilen, halkara maliýe institutlary we abraýly guramalar bilen bilelikdäki işleriň ösdürilmegi, sebitleýin ykdysady integrasiýanyň ösdürilmegine goşant goşmak üçin täze taslamalar teklip edildi. Bu başlangyçlar, diňe bir ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyryny açmak bilen çäklenmän, global derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin hem möhüm ähmiýetli bolup durýar.

Netijede, geçirilýän halkara maslahat sebitleýin gatnaşyklarynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ornuny has-da anyklaşdyrdy. Bu çäre, ýurduň we sebitiň ykdysady ösüş strategikleriniň täze usullaryny we konseptlerini işläp düzmekde giňişleýin teklipleriň alyş-çalyş edilmegine ýol açdy. Geljekki maksatlar üçin, ýurdumyz we beýleki sebit ýurtlary hyzmatdaşlygyň hem-de global ykdysady integrasiýanyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bu ugurda alnyp barylýan tagallalar, global parahatçylykly ösüşe we jemgyýetçilik abadançylygynyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirýär.

Gunça GELDIÝEWA

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar