Häzirki zaman ösüş proseslerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin döwletleriň özara hyzmatdaşlygyny berkitmek zerurdyr. 19-njy martda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat hem bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdy. Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi we sebitleýin ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar öňe sürüldi.
Maslahatda sebitleýin hyzmatdaşlygyň ykdysadyýetdäki, ekologik durnuklylykdaky we ulag-kommunikasiýa ugurlaryndaky ähmiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurtlaryň arasynda syýasy ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyny tizleşdirýär. Hususan-da, energetika, ulag-logistika we sanly ykdysadyýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak halkara maslahatyň esasy ugurlarynyň biri boldy.
Sebitleýin hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin halkara guramalar bilen ysnyşykly işleşmegiň zerurdygy maslahatda nygtaldy. BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen baglylykda, sebitdäki ykdysady durnuklylygy üpjün etmek üçin täze teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda maliýe institutlarynyň we halkara işewürlik düzümleriniň has giň gerimde özara hereket etmegi boýunça täze başlangyçlar öňe sürüldi.
Ekologiýa meseleleri hem maslahatyň gün tertibinde möhüm orun eýeledi. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, maslahata gatnaşyjylar ekologiýa taýdan jogapkärli taslamalaryň goldanylmalydygyny we bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmelidigini bellediler.
Maslahatyň ahyrynda, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň durnukly ösüşi gazanmagyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, parahatçylykly ösüşi üpjün etmek üçin öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygy ýene bir gezek subut edildi. Gelejekde bu ugurda alnyp barylýan işler has-da giňeldilip, sebitleýin ösüşiň täze tapgyrynyň döredilmegine uly itergi berer.
Sümbül MERDANOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby