Häzirki zaman dünýäsi parahatçylygyň we durnukly ösüşiň berk binýadynyň goýulmagyny talap edýär. Global kynçylyklaryň çözgüdi üçin döwletleriň bilelikdäki tagallalary zerur bolup, halkara hyzmatdaşlyk bu ugurda möhüm gural bolup durýar. 19-njy martda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatda hem bu meseleler barada giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde orny barada pikir alyşdylar.
Maslahatda halkara hyzmatdaşlygyň ykdysady, ekologik we sosial ugurlardaky täsiri aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir söwda gatnaşyklary bilen çäklenmän, eýsem, ylmy-tehniki ösüşi, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini we howpsuzlyk çärelerini hem öz içine alýar. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijesinde täze iş orunlarynyň döredilmegi we ykdysady ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine üns çekildi.
Maslahatda parahatçylyk syýasatynyň ösüş bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, ykdysady durnuklylygyň syýasy durnuklylyga oňyn täsir edýändigi nygtaldy. Halkara gatnaşyklary berkitmek bilen durnukly ösüşiň gazanylmagy üçin hukuk binýadynyň, ykdysady özgertmeleriň we bilim ulgamlarynyň özara sazlaşykly ösdürilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi. BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň tejribelerine esaslanyp, hyzmatdaşlygyň täze usullarynyň işlenip düzülmeginiň zerurdygy maslahatda öňe sürüldi.
Ekologiýa meseleleri hem maslahatyň gün tertibindäki möhüm ugurlaryň biri boldy. Durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde tebigaty goramak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ekologiýa taslamalarynyň giňeldilmegi we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Netijede, maslahatda parahatçylygyň we ösüşiň özara baglanyşyklydygy, halkara hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşiň üpjün edilmegine itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi dowam etdirýär. Gelejekde bu ugurda alnyp barylýan tagallalaryň has-da giňeldilmegi halkara derejesinde ösüşiň we abadançylygyň berkidilmegine uly goşant goşar.
Sona BAÝRAMOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby