Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Durnukly ösüş maksatlary bilen sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk

0
168

Häzirki zaman global ösüşinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn orny bardyr. Sebitleýin hyzmatdaşlyk, ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny birleşdirip, durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm gural bolup durýar. 19-njy martda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatda hem bu mesele barada giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar, durnukly ösüşiň gazanylmagynda sebitdäki döwletleriň bilelikde alyp barýan ykdysady işleriniň we hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, energetika, ulag-logistika, söwda we senagat pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylmagyna ýardam edýär. Halkara maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki taslamalara ünsi jemlemeginiň we halkara hyzmatdaşlygy berkitmeginiň zerurdygyny belledi. Ol aýratyn hem, energiýa serişdeleriniň howpsuz we durnukly üpjünçiliginiň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň kämilleşdirilmeginiň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady.

Maslahatda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň maliýe taraplary hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropa we Aziýa arasyndaky söwda akymlarynyň güýçlenmegi, täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we innowasiýa esasly ykdysady ösüşiň goldanylmagy maslahatda öňe sürlen esasy pikirleriň biri boldy. Şeýle-de, sebitleýin maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we durnukly ykdysady ösüş üçin halkara maliýe institutlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meselelerine üns berildi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşe täsiriniň ýene bir möhüm ugry sosial ösüş bilen baglanyşyklydyr. Maslahatda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, ekologiýa meselelerine ünsi jemlemek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Türkmenistan bu ugurda BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, halkara taslamalary durmuşa geçirmekde işjeň rol oýnaýar.

Netijede, halkara maslahatda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ähmiýeti giňişleýin beýan edildi. Türkmenistan bu ugurda alyp barýan oňyn başlangyçlary bilen sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge we ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge uly goşant goşýar. Gelejekde bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde we tutuş dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine itergi berer.

Aýjeren NURGELDIÝEWA

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar