Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysady durnuklylygyň möhüm şerti

0
137

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady durnuklylyk möhüm orny eýeleýär. Işewür gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýumlary çekmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bu ugurda möhüm ädimlerdir. 19-njy martda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda hem bu ugurdaky meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda sebitleýin ykdysady gatnaşyklaryň durnukly ösüşiň esasyny düzýändigi nygtaldy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda döwletleriň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekleriniň we üstaşyr ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekleriniň möhümdigini belledi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da işjeňleşdirilmegi ykdysady durnuklylygyň berk binýadyny döretmäge ýardam eder.

Maslahata gatnaşyjylar halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmelidigini we innowasion ykdysady taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Sebit ýurtlarynyň ykdysady taýdan özara ygrarly hyzmatdaşlygy ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, Türkmenistanyň BMG we beýleki halkara guramalar bilen gatnaşyklarynyň hem ykdysady durnuklylyga oňyn täsir edýändigi bellenildi.

Halkara maslahatda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, iş orunlaryny döretmek we ykdysady işjeňligi artdyrmak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Durnukly ösüşe ýetmek üçin hususy pudak bilen döwlet edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmelidigine üns çekildi.

Şeýlelikde, 19-njy martda geçirilen halkara maslahat ykdysady durnuklylygyň möhüm şertlerini kesgitlemek bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary sebitde ykdysady ösüşi üpjün etmäge hem-de umumy abadançylygyň hatyrasyna ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Gyzylgül KAŞANOWA

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar